Gresiýanyň Premýer ministri hususy pudakda işleýän lukmanlara nägilelik bildirdi

Gresiýanyň Premýer ministri Kiriakos Misotakis hususy pudakda işleýän lukmanlara nägilelik bildirdi

1605707
Gresiýanyň Premýer ministri hususy pudakda işleýän lukmanlara nägilelik bildirdi

Gresiýanyň Premýer ministri Kiriakos Misotakis, koronawirus epidemiýasy sebäpli döwlet hassahanalarynda artýan syrkawlaryň sanynyň azaldylmagy üçin hususy pudakda işleýän lukmanlara "Milli Saglygy goraýyş ulgamyna" goşulyşmak baradaky çagyryşlara ýeterlik derejede jogabyň gelmezligine nägilelik bildirdi. 

Kiriakos Misotakis To Vima gazedine beren beýanatynda, lukmanlara garşy gerek bolan halatynda konstitutsiýanyň özüne berýän mejbury hyzmat ygtyýaryny ulanmakdan hem çekinmejekdigini beýan etdi. 

Hemişe ilkinji ädim hökmünde hyzmatdaşlygy saýlandygyny aýdan Kiriakos Misotakis: "Lukmanlary hyzmat etmäge mejbur etmek ýeterlik däl. Olary muňa höweslendirmelidiris" diýip belledi. 

Gresiýanyň Saglygy goraýyş ministri Wasilis Kikilias, 17-nji martda geçiren metbugat ýygnagynda, hususy pudakda işleýän azyndan 200 lukmanyň Milli Saglygy goraýyş ulgamyna goşulyşmak baradaky çagyryş beripdi, emma diňe 45 lukman şol çagyryşya oňyn jogap beripdi. 



Degişli Habarlar