Fransiýa Epidemiýada Üçünji Tolkuny Başdan Geçirýär

Britaniýada ýüze çykan Kovid-19-yň has çalt ýokaşýan görnüşi Fransiýada öz täsirini dowam etdirýär

1602796
Fransiýa Epidemiýada Üçünji Tolkuny Başdan Geçirýär

 

Fransiýanyň Premýer ministri Kasteks täze görnüş koronawirus epidemiýasynda üçünji tolkunyň başdan geçirilýändigini aýtdy.

Kasteks, Milli mejlisde halk deputatlarynynyň epidemiýa hakyndaky soraglaryna jogap berdi.

“Epidemiýada üçünji tolkuny başdan geçirýäris diýip bilerin” diýen Kasteks, Britaniýada ýüze çykan Kovid-19-yň has çalt ýokaşýan görnüşüniň ýurtda öz täsirini dowam etdirýändigini ýatlatdy.

Fransiýanyň Premýer ministri, epidemiýadan halas bolmak üçin sanjym tapgyrynyň güýçli depginde dowam etdirilmelidigini we düzgünleriň berjaý edilmelidigini nygtady.

Fransiýanyň Premýer ministri Emmanuel Makron düýn beren beýannamasynda, koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň artýandygy sebäpli ýakynda goşmaça kararlaryň kabul edilip bilinjekdigini aýdypdy.



Degişli Habarlar