Nigeriýada soňky wagtlarda artan hüjümler sebäpli mekdeplere arakesme berildi

Nigeriýanyň demirgazygynda soňky wagtlarda artan ýaragly hüjümler sebäpli 618 mekdepde bilim berilmäge arakesme berildi

1601926
Nigeriýada soňky wagtlarda artan hüjümler sebäpli mekdeplere arakesme berildi

Ýurtda soňky wagtlarda mekdepleriň nyşana alynyp hüjümleriň guralmagy we ýüzlerçe okuwçynyň zamun alynmagy sebäpli ýurdyň Sokoto, Zamfara, Kano, Katsina, Niger we Ýobe ştatlaryndaky 618 mekdep wagtlaýyn ýapyldy. 

Sokoto ştatynyň Howpsuzlyk işlerinden jogapkär komissary Garba Moýia, ýurdyň demirgazygynda okuwçylary zamun almak bilen bagly hadysalaryň artmagy sebäpli şolary ýaly karar kabul edendiklerini mälim etdi. 

Moýia, şol sebitlerde ozal zamun alynan okuwçylaryň tapylmagy üçin başladylan gözleg we halas ediş işleriniň bolsa dowam edýändigini habar berdi. 

Nigeriýada ýanwar aýyndan bäri eýýäm 5-nji gezek mekdeplerden okuwçylar zamun alynýar. 

Soňky gezek bolsa Kaduna ştatynda elleri ýaragly adamlaryň mekdepleriň birine guran hüjüminde 3 mugallym zamun alynypdy. 



Degişli Habarlar