"Kipri Iki Jemgyýetli we Iki Sebitli Federassiýa Hökmünde Birleşdirjek Şertnama Goldaw Bereris”

Blinken, Wekiller palatasynyň daşarky gatnaşyklar komitetine Kipr gepleşiklerinde ýetilen sepgit hakynda maglumat berdi.

1599303
"Kipri Iki Jemgyýetli we Iki Sebitli Federassiýa Hökmünde Birleşdirjek Şertnama Goldaw Bereris”

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken “Kipri iki iki jemgyýetli we iki sebitli federassiýa hökmünde birleşdirjek giň gerimli şertnama goldaw bereris” diýdi

Blinken, Wekiller palatasynyň daşarky gatnaşyklar komitetine Kipr gepleşiklerinde ýetilen sepgit hakynda maglumat berdi.

Blinken geljek aý Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiriljek Kipr temaly maslahatda ABŞ-nyň  alyp barjak tutumy hakyndaky soraga “Kipri iki sebitli we iki jemgyýetli federassiýa hökmünde birleşdirjek şertnama goldaw berýäris. Bu meselede BMG-nyň öňbaşçylygyndaky tagallara goldaw bereris” diýip jogap berdi.

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, aprel aýynyň 27-29-y aralygynda Ženewada Kipr meselesinde maslahat geçirmegi meýilleşdirýändigini mälim edipdi.



Degişli Habarlar