Ermenistanda syýasy dartgynlyk dowam edýär

Paşinýan, Gasparýanyň wezipesinden çetleşdirilen hökmünde hasap ediljekdigini aýan etdi

1598496
Ermenistanda syýasy dartgynlyk dowam edýär

Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan, geçen hepde özüne duýduryş beren ýurdyň Baş ştabynyň başlygy Onik Gasparýanyň, şu günden başlap wezipesinden çetleşdirilendigini habar berdi. 

Prezident Armen Sarkisýan bolsa Premýer ministri Nikol Paşinýanyň Onik Gasparýany wezipesinden çetleşdirmek kararnamasyny Konstitutsion kazyýetine berdi. 

Ermenistanyň Premýer ministrliginden berilen beýanata görä, Paşinýan Prezident Sarkisýanyň Gasparýanyň wezipesinden çetleşdirilmegi bilen bagly kararnama gol çekmändigini ýatladyp, kanuna laýyklykda Sarkisýanyň kararnamany Konstitutsion kazyýetine wagtynda tabşyrmandygyny belledi. 

Paşinýan: "Şu günden başlap Baş ştabyň başlygy Onik Gasparýan wezipesinden çetleşdirilen hökmünde hasap edilýär" diýip aýan etdi. 

Ermenistanyň Prezident diwanyndan ozal berilen beýanatda, ady agzalan kararnamanyň Konstitutsion kazyýetine tabşyrylmagy üçin belli bir möhletiniň bolmandygy öňe sürülipdi. 

Paşinýanyň beýanatyndan soň Prezident Diwany, Sarkisýanyň kararnamany konstitutsiýa we kanyny etaba laýyk bolup-bolmandygyny derňemek üçin Konstitutsion kazyýetine ýüz tutandygyny aýan etdi. 

Prezident Sarkisýan Konstitutsion kazyýetiniň ygtyýarlarynyň çäginde, Gasparýanyň wezipesinden çetleşdirilmegi babatynda giňişleýin bir derňew geçirmek we karar bermek mümkinçiligine eýedigine ünsleri çekip: "Konstitutsion kazyýetiniň bu babatdaky kararlary we görüp biljek çäreleri, häzirki ýagdaý bilen baglanşykly häzirki we gelejekdäki etaba örän täsir ýetirip biler" diýip belledi. 

Sarkisýan Konstitusion kazyýetiniň iň gysga wagtda laýyk karar bermeginiň häzirki krizisiň çözüwine goşant goşjakdygyny beýan etdi. 

Ýurdyň Baş ştabynyň başlygy Onik Gasparýan we ýokary derejeli harby ýolbaşçylar, 25-nji fewralda Premýer ministri Paşinýany wezipesinden çekilmegi baradaky bildirişe gol çekip, Paşinýana duýduryş beripdiler. 

Paşinýan bolsa şol bada Baş Ştabyň başlygy Gasparýany wezipesinden çetleşdirendigini habar beripdi. 

Oppozisionerleriň garaýşyna laýyk pozisiýa eýelän Prezident Sarkisýan bolsa, Gasparýanyň wezipesinden çetleşdirilmegi bilen bagly kararnama gol çekmändi. 

Paşinýan, goşunyň serkerdeleriniň özüni wezipesinen çetleşdirmegini isläp beren duýduryşlaryny agdarlyşyk synanyşygy hökmünde häsýetlendiripdi. 



Degişli Habarlar