Katolikleriň dini lideri Papa Fransisk Mosula bardy

Katolikleriň dini lideri Papa Fransisk Yrak saparyny dowam etdirýär

1596672
Katolikleriň dini lideri Papa Fransisk Mosula bardy

Yrak saparyny dowam etdirýän Katolikleriň dini lideri Papa Fransisk, şu gün irden Erbile baryp Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň başlygy Neçirwan Barzani bilen geçiren duşuşygyndan soň Mosula geçdi. 

Erbil howa menzilindäki zalda geçirilen Papa Fransisk bilen Neçirwan Barzani duşuşygyna, Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň Premýer ministri Mesrur Barzani bilen beýleki resmiler gatnaşdylar. 

Gysga dowam eden duşuşykdan soň, Papa Fransisk dikuçar bilen Mosula geçdi. 

Mosul şäherindäki 4 ybadathananyň ýerleşýän meýdançada dini çäre geçirildi. 

Papa Fransisk ondan soň bolsa Erbile baryp, Franso Hariri stadionynda dini dabara geçirer. 

Şu gün agşam Bagdada geçjek bolan Papa, ertir irden Italiýanyň paýtagty Rime gaýdyp barar. 


Etiketkalar: #Erbil , #Mosul , #Papa Fransisk , #Yrak

Degişli Habarlar