ABŞ Yrakda harby baza guralan hüjüm barada beýanat berdi

Jon Kirbi, içinde amerikan esgerleri hem bolan Yrakdaky Aýn al-Esed howa bazasyna guralan raketaly hüjümde bir bazanyň içinde işleýän ABŞ-ly ýönekeý raýatyň ýüreginden tutandygyny we ýogalandygyny habar berdi

1594695
ABŞ Yrakda harby baza guralan hüjüm barada beýanat berdi

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Jon Kirbi, Yrakdaky Aýn al-Esed howa baza düýn guralan razetaly hüjüm bilen baglanşykly ýazmaça beýanat berdi. 

Baza 10 raketa bilen hüjüm guralandygyny, emma amerikan esgerlerine zyýan ýetmändigini aýdan Jon Kirbi: "Bazada işleýän bir ABŞ-ly ýönekeý raýatymyz goranýan mahaly ýüreginden tutdy we gynansagam gysga wagt soň ýogaldy" diýip mälim etdi. 

Kirbi, Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň sebitdedigini we waka bilen baglanşykly derňew geçirýändigini aýan etdi. 

Bazanyň içindäki raketa, top we minomýot hüjümleriniň öňüni almak ulgamlarynyň işländigine ünsleri çeken Kirbi, ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostine hüjüm bilen bagly maglumat berilendigini beýan etdi. 

ABŞ-ly esgerleriň ýerleşýän Erbil howa menziline 15-nji fewralda, Bagdatdaky gorag astynda bolan Ýaşyl zolaga bolsa 22-nji fewralda raketaly hüjümler guralypdy. 

ABŞ-nyň goşuny 26-njy fewralda Eýran tarapyndan goldanýan söweşijilere degişli Siriýa-Yrak serhediniň Siriýa tarapyndan ýerleşýän desgalaryň birine howa hüjümi gurapdy we Eýran tarapyndan goldanýan 1 söweşijini öldüripdi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #baza , #raketa , #Yrak , #ABŞ

Degişli Habarlar