ÝB-niň Wenesueladaky Wekili Ýurtdan Çykdy

Wenesuelada “islenmeýän adam” yglan edilen ÝB-niň Wekili Isabel Brilhant Pedrosa düýn ýurtdan gaýtdy

1594148
ÝB-niň Wenesueladaky Wekili Ýurtdan Çykdy

Pedrosa Twitterden beren habarnamada paýtagt Karakasyň fotosuratyny paýlaşyp, ýurt bilen hoşlaşdy.

Wenesuelalylara mähremlikleri üçin sagbolsun aýdan Pedrosa: “Sizi ajaýyp ýatlamalarda göterýärin. Ýüregim bärde galdy” diýdi.

Wenesuelanyň Daşary işler ministri Horhe Arreasa 24-nji fewralda Pedrsosanyň “islenmeýän adam” yglan edilendigini we ýurtdan çykmagy üçin oňa 72 sagat möhlet berilendigini beýan edipdi.

Arreasa şol kararyň ÝB-niň wenesuelaly resmilere sanksiýa goýmak hakyndaky karary sebäpli kabul edilendigini nygtap, häzirki wagtda ÝB-niň we ABŞ-nyň Wenesuela garşı 55 sany sanksiýa kararyny iş ýüzüne geçirendigini ýatladypdy.

23-nji fewralda ÝB Geňeşinden berilen beýannamada “Demokratiýa we adam hukuklaryna zyýan ýetirýändikleri sebäpli” wenesuelaly 19 resmä sanksiýa goýmak hakynda karar kabul edilendigi habar berilipdi.

Şol gün Wenesuelanyň Milli Mejlisi Prezident Nikola Maduradan ÝB-niň ýurtdaky wekiliniň “islenmeýän adam” yglan etmegini talap edipdi.

Wenesuelanyň hökümeti 29-njy iýunda-da ÝB-niň ýurtdaky wekilini “islenmeýän adam” yglan edipdi, emma soň şol kararyny bes edipdi.



Degişli Habarlar