Meksikada guralan ýaragly hüjümde 11 adam ýogaldy

Halisko ştatynyň El Salto şäherinde geçen ýyl 189 adamyň jesedi tapylypdy

1592180
Meksikada guralan ýaragly hüjümde 11 adam ýogaldy

Meksikanyň Halisko ştatynda öýleriň birine şahsyýetleri entek anyklanmadyk adamlar tarapyndan guralan ýaragly hüjümde 11 adam ýogaldy, 2 adam ýaralandy. 

Öýüň içinde we daşynda 11 adamyň jesedi tapyldy, ýaralanan 2 adam bolsa hassahanada bejergi astyna alyndy. 

Halisko ştatynyň Zapopan şäherinde 13-nji fewralda içinde adamlaryň galyndylary bolan 18 aýry sumka tapylypdy. 

Ýurdyň Halisko ştatynda iş alyp barýandygy bilinýän "Haliskonyň Täze Nesili" atly karteliň sebitdäki iň güýçli topardygy bilinýär. 

Meksikada 2006-njy ýylda kartellere garşy başladylan we entege çenli tamamlanmadyk söweş sebäpli şu günki güne çenli 300 müňden gowrak adam ýogaldy, 340 müňden gowrak adam öz ýerlerinden göçdi we takmynan 40 müňe golaý adam dereksiz ýitdi. 

Halisko ştatynyň El Salto şäherinde geçen ýyl 189 adamyň jesedi tapylypdy. 


Etiketkalar: #hüjüm , #jeset , #kartel , #Meksika

Degişli Habarlar