Germaniýada musulmanlara saýlawlarda ses bermek barada çagyryş berildi

Germaniýada Federal mejlis saýlawlary 26-njy sentýabrda geçiriler

1590253
Germaniýada musulmanlara saýlawlarda ses bermek barada çagyryş berildi

Germaniýanyň Musulmanlar merkezi geňeşiniň başlygy Aiman Mazýek, şu ýyl Germaniýada saýlaw ýylynyň boljakdygyny belläp, ýurtdaky musulmanlara ses bermek barada çagyryş berdi. 

Aiman Mazýek, beren ýazmaça beýanatynda, Germaniýada şu ýyl hem welaýat saýlawlarynyň hem-de umumy saýlawlaryň geçiriljekdigini ýatladyp, takmynan 2 milliona golaý musulman saýlawçynyň saýlawa gatnaşmagynyň gerekdigini belledi. 

Şol maksat bilen "Meniň  berjek sesim möhümdir" atly ýazgyly şygar kampaniýasyny başladandyklaryny aýdan Mazýek: "Biz Germaniýanyň bir bölegidiris. Kampaniýa bilen demokratiýa we adaty azatlyklaryň tarapdarydygymyzy görkezmek isleýäris. Berilmedik her bir ses Germaniýany howply ýagdaýda bölmäge synanyşýan aşa sagjylara we populistlere berilen ses bolar" diýip habar berdi. 

Germaniýada Federal mejlis saýlawlary 26-njy sentýabrda geçiriler. Mundan başgada şu ýylyň içinde ýurdyň 6 tapawutly welaýatynda parlament saýlawlary geçiriler. 



Degişli Habarlar