ABŞ, Siriýada Eýran Tarapyndan Goldanýan Ýaragly Toparlara Degişli Ýerleri Nyşana Aldy

"Eýran tarapyndan goldanýan toparlara degişli birnäçe desga ýok edildi”

1591036
ABŞ, Siriýada Eýran Tarapyndan Goldanýan Ýaragly Toparlara Degişli Ýerleri Nyşana Aldy

 

ABŞ, Yrakda guralan hüjümler bilen arabaglanşygynyň bardygy sebäpli Siriýada Eýran tarapyndan goldanýan toparlara degişli ýere howa hüjümini gurady.

Mesele hakynda beýannama beren ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonyň metbugat sekretary Jon Kirbi, “Prezident Jo Baýdeniň tabşyrygy boýunça ABŞ-nyň goşunlary Siriýada Eýran tarapyndan goldanýan ýaragly toparlar tarapyndan ulanylýan bina howa hüjümini gurady” diýdi.

Bu hüjümiň soňky döwürde Yrakda guralan roketa hüjümlerine garşy guralandygyny aýdan Kirby “Bu hüjümde esasan Ketaib Hizbullah we Ketaib Seýýid Al Şüheda bilen birlikde Eýran tarapyndan goldanýan toparlara degişli birnäçe desga ýok edildi”diýdi.



Degişli Habarlar