Kipr meselesinde 5+1 Ýurtlarynyň Maslahaty Geçirler

Maslahat Kipr meselesine ýakyn geljekde yzygiderli çözgüt tapmagy maksat edinýär

1590247
Kipr meselesinde 5+1 Ýurtlarynyň Maslahaty Geçirler

 

BMG, Kiprli taraplaryň we hemaýatkär ýurtlar Türkiýäniň, Gresiýanyň we Britaniýanyň gatnaşmagynda aprel aýynyň 27-29-y aralygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde maslahat geçirer.

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Dužarriç mesele hakynda beren ýazmaça beýannamasynda, “Baş sekretar 2021-nji ýylyň aprel aýynyň 27-29-y aralygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Kipr meselesinde 5+1 ýurtlarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirmegi meýilleşdirýär” diýdi.

Beýannamada, maslahatyň Kipr meselesine ýakyn geljekde yzygiderli çözgüt tapmagy maksat edinýändigi ýatladyldy.


Etiketkalar: #maslahat , #Kipr , #BMG

Degişli Habarlar