ÝPG/PKK-a agza terrorçylar soňky 1,5 aýda 61 mugallymy zamun aldy

Siriýada SDG adyny ulanýan ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK, basyp alan ýerlerinde soňky 1,5 aýda azyndan 61 mugallymy zamun aldy

1586279
ÝPG/PKK-a agza terrorçylar soňky 1,5 aýda 61 mugallymy zamun aldy

Siriýada asuda halka garşy edilýän düzgün bozmalary ýygnaýan Siriýanyň Adam hukuklary tory Haseke, Rakka we Deýrizor welaýatlarynda ÝPG/PKK tarapyndan basylyp alynan sebitlerde 1-nji ýanwar-15-nji fewral aralygynda zamun alynan mugallymlar bilen baglanşykly taýarlan habarnamasyny Anadoly habarlar agentligi bilen paýlaşdy. 

Tor tarapyndan taýarlanan habarnamada, şol wagt aralygynda çagalara terror guramasy tarapyndan taýarlanan okuw meýilnamasynyň ýerine ozalky okuw meýilnamasy boýunça ders beren azyndan 27 mugallymyň saklanandygy beýan edildi. 

Mugallymlaryň 14-si gurama tarapyndan taýarlanan okuw meýilnamasyndan çykmajakdyklary barada arza gol çekenlerinden soň azat edilendikleri mälim edildi. 

Soňky 1,5 aýda 34 mugallym bolsa zor bilen guramanyň düzümine goşulmak maksady bilen terrorçylar tarapyndan saklanýandygy aýan edildi. 

Berilen habarnamada, terror guramasynyň Deýrizor, Rakka we Haseke welaýatlarynda guramanyň düzümine goşulmagy ret eden takmynan 550 mugallymy bolsa gözleýändigi mälim edildi. 

Şol mugallymlaryň ählisiniň mekdeplerden çykarylandygy habar berildi. 

Habarnamada berilen maglumata görä, ÝPG/PKK tarapyndan ýönekeý ýere tussag edilen 176-sy zenan azyndan 3 müň 784 tussagly bar. 

Şolaryň azyndan 2 müň 147-siniň ykballary barada hiç hili maglumat ýok. 


Etiketkalar: #habarnama , #mugallym , #PKK , #ÝPG

Degişli Habarlar