Ýewropanyň Adam Hukuklary Kazyýeti Russiýa çagyryş berdi

Ýewropanyň Adam Hukuklary Kazyýeti, Russiýada azatlykdan mahrum edilen oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň iň tiz wagtda azat edilmegini talap etdi

1586040
Ýewropanyň Adam Hukuklary Kazyýeti Russiýa çagyryş berdi

Ýewropanyň Adam Hukuklary Kazyýeti tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Russiýadan Alekseý Nawalnyýnyň 20-nji ýanwarda azat edilmegi üçin kazyýete talap bildirendigi, 21-nji ýanwarda bolsa Alekseý Nawalnyýnyň esasan hem tussaglykda bolan mahaly goralmagy üçin görülen çäreler, Nawalnyýnyň tussaglykdaky şertleri we janynyň howp astynda bolup-bolmandygy barada maglumat berilmeginiň islenendigi mälim edildi. 

Russiýanyň 26-njy ýanwarda Alekseý Nawalnyýnyň standartlara laýyk gelýän we kameralar bilen gözegçilik edilýän ýerde saklanýandygyny, telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny we aklawçylary bilen gürrüňdeş bolandygyny habar berendigi bellenen beýanatda, Alekseý Nawalnyýnyň bolsa 3-nji fewralda kazyýete Russiýanyň gören çäreleriniň janynyň howpsuzlygy üçin ýeterlik derejede bolmandygyny aýan etdi. 

Beýanatda kazyýetiň Russiýadan Alekseý Nawalnyýnyň iň tiz wagtda azat edilmegini isländigine üns çekildi.

Russiýanyň Federal Tussaghana gullugynyň talabyna laýyklykda, Moskwanyň şäher kazyýetinde Alekseý Nawalna garşy gozgalan kazyýet işi netijelenipdi, kazyýet Alekseý Nwalnyýnyň galplyk etmek bilen bagly kazyýet işinde berilen 3,5 ýyllyk tussaglygy, gözegçilik şertlerini ýerine ýetirmändigi sebäpli adaty tussaglyk jezasyna öwüripdi. 

Kazyýet ozal öý tussaglygynda geçiren 10 aýlyk möhledi hasaba alyp, Alekseý Nawalnyýnyň galan möhledini tussaghanada geçirmegi barada karara beripdi. 



Degişli Habarlar