Meksikada “CoronaVac” Sanjymynyň Adatdan Daşary Ýagdaýda Ulanylmagyna Rugsat Berildi

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 379 müň adamdan geçdi

1582201
Meksikada “CoronaVac” Sanjymynyň Adatdan Daşary Ýagdaýda Ulanylmagyna Rugsat Berildi

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 379 müň, wirusa ýoluganlaryň sany 108 million 313 müň, sagalanlaryň sany 80 million 360 müň adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da koronawirus sebäpli 486 müň 922 adam ýogaldy, 28 million 2 müň adamdan hem hasaba alyndy. Ýurtda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany günde ortaça 2 müň 800 adama çenli aşaklady. Sanjym tapgyrynyň depgininiň güýçlendirilmegi üçin käbir dermanhanalarda sanjym edilmegine rugsat berildi. Prezident Baýden Pfizer firmasyndan 100 million, Moderna firmasyndan hem 100 million sanjym alynmagy üçin talap bildirendiklerini aýtdy. Şeýlelikde ABŞ-nyň aljak Kovid-19 sanjymynyň sany jemi 600 million doza çenli baryp ýetdi.

Britaniýada wirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 678 adam artyp 115 müň 529, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 13 müň 494 adam artyp 3 million 998 müň 665 adama ýetdi.

Italiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 391 adam artyp 92 müň 729, wirusa ýoluganlaryň sany 15 müň 146 adam artyp 2 million 683 müň 403 adama ýetdi.

Fransiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 360 adam artyp 80 müň 803, hasaba alynan kesellileriň sany 21 müň 63 adam artyp 3 million 406 müň 685 adama ýetdi.

Kovid-19 Ispaniýada 64 müň 217 adamyň ýogalmagyna, 3 million 41 müň 454 adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy.

Koronawirus sebäpli Meksikada 171 müň 234 adam ýogaldy, 1 million 968 müň 566 adam hem hasaba alyndy. Meksikada Hytaýyň Sinowak firmasy tarapyndna öndürlen “CoronaVac” sanjymynyň adatdan daşary ýagdaýda ulanylmagyna rugsat berildi.



Degişli Habarlar