Eýranda “Beýik Pygamber 16” Türgenleşigi geçirilýär

Eýran soňky hepdelerde yzly yzyna harby tügenleşikler geçirýär

1581774
Eýranda “Beýik Pygamber 16” Türgenleşigi geçirilýär

 

Eýranyň Ynkylap goragçylary goşuny, ýurduň günorta günbatarynda giň gerimli türgenleşige başlady.

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň berýän habaryna görä, Gury ýer güýçleriniň serkerdesi Muhammed Pakpur, “Beýik Pygamber 16”, türgenleşiginiň başlandygyny habar berdi.

Pakpur türgenleşige uçarmansyz howa ulaglarynyň we dikuçarlaryň goldaw berjekdigini aýtdy.

Eýran soňky hepdelerde yzly yzyna harby tügenleşikler geçirýär.

Ilki 5-nji ýanwarda Simman welaýatynda ýüzlerçe uçarmansyz howa ulagynyň gatnaşmagynda harby türgenleşik geçirdi.

Eýranyň goşunlary 13-nji ýanwarda hem harby gämileriň, deňizastylarynyň we roketalaryň gatnaşmagynda giň gerimli harby türgenleşik geçirdi.

Eýranyň Ynkylap goragçylary goşuny 15-nji ýanwarda bolsa Kewir çölünde roketalaryň we uçarmansyz howa ulaglarynyň gatnaşmagynda geçiren türgenleşiginde bolsa uzak aralykly balistiki roketalaryny synagdan geçiripdi.



Degişli Habarlar