NATO-nyň Baş sekretary Türkiýe we Gresiýa bilen bagly beýanat berdi

Stoltenberg, "Chatham House" guramasy tarapyndan geçirilen "NATO 2030 üçin täze pikirler" atly maslahatda çykyş etdi

1577663
NATO-nyň Baş sekretary Türkiýe we Gresiýa bilen bagly beýanat berdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Türkiýäniň we Gresiýanyň NATO-nyň hormatly agzalarydygyny belläp, alýansyň rolunyň iki ýurdyň arasyndaky düşünişmezçilikleri ortadan aýyrjak bir platforma hödürlemekdigini belledi.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, "Chatham House" guramasy tarapyndan geçirilen "NATO 2030 üçin täze pikirler" atly maslahatda talyplar we ýaş liderler bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly bir ýere jemlendi. 

Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky düşünişmezçilik bilen bagly soraga Ýens Stoltenberg, NATO agza ýurtlaryň arasynda tapawutly pikirleriň bolup bilýändigini belläp: "Hem Gresiýa hem-de Türkiýe NATO-nyň hormatly agzalary, emma Gündogar Ortaýer deňizi bilen birlikde käbir meseleler boýunça düşünişmezçilikler başylaryndan geçirýärler" diýip jogap berdi. 

NATO-nyň rolunyň bu tapawutlylyklary ele aljak bir platforma bilen üpjün etmekdigini aýdan Stoltenberg, şol sebäpli NATO-nyň düzüminiň çäginde çaknyşmazlyk diýip atlandyran bir mehanizm döredendiklerini, şeýlelik bilen Gündogar Ortaýer deňizinde Türkiýäniň we Gresiýanyň arasynda bolmagy ähtimal gämi we uçar heläkçilik howplarynyň azaldylandygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar