Koronawirus epidemiýasy dünýä ýurtlaryna howp abandyrmaga dowam edýär

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 76 million 701 müň adama ýetdi

1577255
Koronawirus epidemiýasy dünýä ýurtlaryna howp abandyrmaga dowam edýär

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 279 müň 605 adama, wirus ýokanlaryň sany 104 million 948 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 76 million 701 müň adama ýetdi.

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 99 adam artyp, jemi 154 müň 742 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa soňky 24 sagatda 12 müň 703 adam artyp jemi 10 million 791 müň 123 adama ýetdi. 

Epidemiýanyň başyndan bäri 14 adamyň ýogalan DKTR-da soňky 24 sagatda ýene-de 71 adamyň wirusa ýolukmagy bilen, ýurtda Kowid-19-a ýoluganlaryň sany jemi 2 müň 504 adama ýetdi. Epidemiýa garşy göreşiň çäginde girizilen we ýurdyň ähli ýerinde güýjüni saklaýan karantin düzgüniniň möhledi 10-njy fewral sagat 23:59-a çenli uzadyldy.

Kowid-19 epidemiýasy sebäpli Tunisde ýene-de 87 adam, BAE-de 12 adam, Saud Arabystanynda 3 adam, Alžirde 2 adam, Kuweýtde 1 adam ýogaldy. Soňky görkezijiler bilen birlikde ýurtlarda jemi ýogalanlaryň sany Tunisde 6 müň 980 adama, BAE-de 878 adama, Saud Arabystanynda 6 müň 386 adama, Alžirde 2 müň 900 adama, Kuweýtde 961 adama ýetdi.

Kuweýtde Kowid-19-a garşy görülen çäreleriň çäginde ýekşenbe gününden başlap iki hepde möhlet bilen diňe Kuweýdiň raýatlarynyň ýurda girmegine rugsat beriler.  

Kowid-19 epidemiýasy sebäpli 9 müň 460 adamyň ýogalan, 167 müň 525 adamyň hasaba alynan Müsürde, ýene-de 28 lukman koronawirus sebäpli ýogaldy. Müsürde koronawirus sebäpli ýogalan lukmanlaryň sany şeýlelik bilen 361 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 5 müň 912 adamyň ýogalan, 393 müň 836 adamyň hasaba alynan Ýaponiýada, parlament koronawirusa garşy görülýän çärelere gulak asmaýan adamlara we guramadyr-edaralara jeza berilmegini öz düzüminde jemleýän kanun taslamasyny tassyklady. 



Degişli Habarlar