Mýanmada ministrler we wise-premýerler wezipelerinden çetleşdirildi

Mýanmanyň goşunyna degişli Myawaddy telewideniýe kanalyndan mesele bilen bagly beýanat berildi

1575658
Mýanmada ministrler we wise-premýerler wezipelerinden çetleşdirildi

Mýanmada 2020-nji ýylyň 8-nji noýabrynda geçirilen saýlawda hile edilenligi öňe sürülip, düýn edilen harby agdarlyşykdan soň Ministrler kabinetiniň mejlisiniň düzümindäki 24 ministr we wise-premýerler wezipelerinden çetleşdirildiler. 

Mýanmanyň goşunyna degişli Myawaddy telewideniýesinden berilen beýanatda, harby dolanşygyň ýurdyň ozalky Döwlet baştutany Win Mýintiň ýolbaşçylygyndaky hökümediň düzümindäki ministrleriň we wise-premýerleriň wezipelerinden çetleşdirilendigi we täze 11 ministriň bellenendigi mälim edildi. 

Beýanatda täze bellenen ministrleriň arasynda Gazna, Saglygy goraýyş, Aragatnaşyk, Daşary işler, Goranmak, Serhet howpsuzlygy we Içeri işler ministrleriniň bardygy habar berildi. 

Düýn irden ýurdyň Döwlet baştutany Win Mýint, Daşary işler ministri we ýurdyň lideri Aung San Suu Çii bilen hökümetiň başyndaky Milli Demokratiýa birligi partiýasynyň agzalary göz tussaglygyna alynypdy. 

Hökümetiň başyndaky partiýanyň liderleriniň göz tussaglygyna alynmagyndan birnäçe sagat soň, ýurdyň goşunyna degişli Myawaddy telewideniýe kanalyndan berilen beýanatda, goşunyň dolanşygy ele geçirendigi we ýurtda 1 ýyl möhlet bilen adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilendigi habar berilipdi. 

Ýurdyň dolanşygyny öz eline alan Baş ştabyň başlygy Min Aung Hlaing, adatdan daşary ýagdaýyň möhledi tamamlananyndan soň, demokratik saýlawlara gaýdyp gelinjekdigi barada söz beripdi, göz tussaglygyna alynan ýurdyň ozalky Daşary işler ministri we ýurdyň lideri Aung San Suu Çii bolsa halka agdarlyşyga garşy protest geçirmek barada çagyryş beripdi. 



Degişli Habarlar