Indoneziýada deňize gaçan ýolagçy uçar bilen bagly gözleg işleri tamam boldy

Indoneziýada 9-njy ýanwarda ýolagçy uçaryň deňize gaçmagy bilen ýogalan adamlaryň jesetleriniň böleklerini ýygnamak we gözleg işleriniň tamam bolandygy mälim edildi

1568799
Indoneziýada deňize gaçan ýolagçy uçar bilen bagly gözleg işleri tamam boldy
endonezya ucak denize cicek.jpg

Indoneziýanyň Transport ministri Budi Karýa Sumadi, uçaryň deňize gaçan sebitinde geçirilen gözleg we halas ediş işleriniň tamamlanandygyny habar berdi. 

Milli gözleg we halas ediş agentliginiň (BASARNAS) başlygy Bagus Puruhito, geçirilen gözleg işleriniň netijesinde jesediň bölekleriniň ýerleşdirilen torbalaryň sanynyň 324-e ýetendigini belläp, şu günki güne çenli geçirilen derňew işleriniň netijesinde ýogalan ýolagçylaryň 43-siniň şahsyýetleriniň anyklanandygyny beýan etdi. 

Puruhito, deňizde we kenar zolaklarynda uçaryň bölekleriniň ýa-da adamlaryň jesetleriniň bölekleriniň tapylan halatynda degişli toparlaryň gözleg işlerini dowam etdirjekdigini aýan etdi. 

Beýleki tarapdan bolsa ýogalan adamlaryň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp, uçaryň gaçan ýerinde deňize güller goýuldy, dogalar edildi.

Ýatlama çäresine BASARNAS agentliginiň başlygy Puruhito we ýurdyň beýleki guramadyr-edaralarynyň resmileri bilen birlikde uçar heläkçiliginde ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlary gatnaşdylar. 

9-njy ýanwarda 50 ýolagçy we 12 adamlyk ekipaždan ybarat Boeing 737-500 kysymly ýolagçy uçar uçanyndan gysga wagt soň, ýurdyň paýtagty Jakarta şäheriniň demirgazygyndaky suw giňişliginde Laki we Lanjang adalarynyň arasyna gaçypdy. 


Etiketkalar: #ýolagçy , #Indoneziýa

Degişli Habarlar