Owganystanyň Hyrat welaýatynda bombaly hüjüm guraldy

Owganystanyň günbataryndaky Hyrat welaýatynda guralan bombaly hüjümde polisiýa gullugynyň 6 işgäri ýaralandy

1567349
Owganystanyň Hyrat welaýatynda bombaly hüjüm guraldy

Hyrat welaýatynyň Içeri işler edarasynyň metbugat geňeşçisi Abdul Ahad Welizade, Hyrat welaýatynyň Injil etrabynyň Pul Malan diýilen ýerindäki Polisiýa merkeziniň golaýyna ýerleşdirilen bombany partladylandygyny habar berdi. 

Hyrat welaýatynyň Döwlet hassahanasynyň Baş lukmany Rafik Şirzeý hüjümde 6 polisiýa işgäriniň ýaralanandygyny mälim etdi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan ýok. 



Degişli Habarlar