ABŞ-da Täze Hökümet Işe Girişdi

Jo Baýden we wise-prezident Kamala Harris kasam edip wezipelerine girişdiler

1567778
ABŞ-da Täze Hökümet Işe Girişdi

Saýlanan Prezident Jo Baýden we saýlanan ilkinji zenan wise-prezident Kamala Harris kasam edip wezipelerine girişdiler

Baýden we Harris kasam ediş dabarasyndan ozal Waşingtondaky Keramatly Mattew katedralyna baryp, ol  ýerden Kongrese geldiler.

Ol ýerde Türkiýe wagty boýunça sagat 20:00-da Baýden ABŞ-nyň 46-njy prezidenti, Harris bolsa 49-njy wise-prezident hökmünde kasam etdiler.

Täze prezident Baýdeniň kasam edenden sözlerine: “Şu gün demokratiýanyň, taryhyň we umydyň güni” diýip, başlady.

Baýden ýurdunyň başdan geçirýän kynçylyklaryny jebislik bilen ýeňip geçjekdiklerini beýan etdi.

“Amerikalylaryň ählisiniň prezidenti bolaryn” diýen Prezident Baýden: “Ýaranlyk gatnaşyklarymyzy kadalaşdyrarys we dünýä bilen ýaňadandan ýakyn gatnaşyk açarys” diýdi.

 



Degişli Habarlar