Gresiýanyň Parlamenti Fransiýadan Uçar Almak Hakyndaky Kanun Taslamasyny Tassyklady

Gresiýanyň Parlamenti Fransiýadan 18 sany “Rafale” kysymly harby uçar almak hakyndaky kanun taslamasyny kabul etdi

1564276
Gresiýanyň Parlamenti Fransiýadan Uçar Almak Hakyndaky Kanun Taslamasyny Tassyklady

Parlamentde geçirilen sese goýulşykda 2,5 milliard ýewro gymmaty bolan 6 sanysy täze, 12 sanysy ozal ulanylan 18 sany “Rafale” harby uçaryň satyn alynmagy hakynda kanun tassyklandy.

Goranmakministri Nikos Panaýatupulos sese goýulşykdan soň beren beýannamasynda Parlamentde kabul edilen taslamanyň “ähli taraplara açyk ýüzlenme berendigini” öňe sürdi.

Fransiýadan ilkinji gowşurlyşy iýul aýynda ediljek 18 uçaryň ählisiniň Gresiýa getirilmeginiň 2023-nji ýylyň ortalaryna çenli dowam etjekdigi habar berilipdi.

Gündogar Ortaýer we Egeý deňizindäki dartgynlyk dowam edýärkä resmi Afyny ençeme ýyldan bäri dowam edýän maliýe kynçylyklara, tygşytlylyk syýasatlaryna we ÝB-niň goldawy bilen dowam edýän ykdysady şertlerine garamazdan 2021-nji ýyl üçin býujetden ýaraglanma bölüp beren paýyny 5 esse artdyrdy.

Goranyş pudagy üçin 2021-nji ýyl üçin 5,49 miliard ýewro, goranyş çykdajylaryndaky ýaraglanyş üçin bolsa 2,5 milliard ýewro bölüp berendigini beýan eden Afynynyň harby çykdajy maksatnamasy soňky 11 ýylyň iň ýokary çäge ýetdi.



Degişli Habarlar