ABŞ-da 1953-nji Ýyldan Bäri Ilkinji Gezek Bir Zenana Ölüm Jezasy Berildi

ABŞ-da ölüm jezasyna höküm edilýänleriň jezasynyň ýerine ýetirilmegine seýrek hem bolsa gabat gelinýär

1562820
ABŞ-da 1953-nji Ýyldan Bäri Ilkinji Gezek Bir Zenana Ölüm Jezasy Berildi

2004-nji ýylda 8 aýlyk göwreli bir aýaly öldürip, garnyndaky bäbegi pyçak bilen çykaryp, ogurlandygy üçinn 2007-nji ýylda ölüm jezasyna höküm edilen 52 ýaşly Lisa Montgomeri Indiana ştatynyň Terre Haut şäherindäki federatiw tussaghanada ýerli wagt boýunça 01:31-de zäherli sanjym bilen öldürildi.

Montgomeriniň öldürilmegi bilen ýurtda 68 ýyl soň zenan federatiw tussaglardan biriniň ölüm jezasy ýerine ýetirildi.

Ýurtda federatiw kazyýet soňky gezek Bonni Brown Hedi atly zenan tussag hakynda ölüm hökümini çykarypdy. 6 ýaşly oglanjygy ogurlap, öldüren Hedi 1953-nji ýylyň dekabrynda öldürilipdi.

 



Degişli Habarlar