Eýranyň Deňiz Güýçleri Hindi Okeanynda Türgenleşik Geçirýär

Eýranyň harby deňiz güýçleri Oman deňizinde we Hindi okeanynda deňiz türgenleşigine başady

1562887
Eýranyň Deňiz Güýçleri Hindi Okeanynda Türgenleşik Geçirýär

Eýranyň resmi habarlar gullugy “IRNA-nyň” habar bermegine görä “Güýç-99” atly türgenleşik Oman deňizine çykylýan Mekran kenarlarynda we Hindi okeanynyň demirgazygynda geçiriler.

Türgenleşikde Eýranyň Baş ştabynyň Başlygy general maýor Muhammed Bakyri we Eýranyň goşunlarynyň Umumy serkerdesi general maýor Seýýid Abdurrahim Musawi hem gatnaşýar.

Eýranyň harby deňiz flotunyň harby gämileriniň, deňiz asty gämileriniň gatnaşýan türgenleşiginde “ganatly raketalaryň atylmagy, ýerli deňizasty gämilerinden torpedalaryň atylmagy, kenarda we deňizde ýörite güýçlere tälim bermek, uçarmansyz howa ulagy we tokaý operasiýalary” geçiriler.

Türgenleşigiň çäginde Eýranyň harby deňiz güýçleriniň öndüren “Mekran” dik uçar gämisi Bakyri bilen Musawinin gatnaşmagynda dabara bilen ulanmaga berildi.



Degişli Habarlar