Tramp, Baýdeniň Kasam Ediş Dabarasy Üçin Waşingtonda Adatdan Daşary Ýagdaý Yglan Etdi

Tramp, Baýdeniň 20-njy ýanwarda geçiriljek kasam ediş dabarasy üçin taýarlyk görülmegi maksady bilen adatdan daşary ýagdaý yglan etdi

1561966
Tramp, Baýdeniň Kasam Ediş Dabarasy Üçin Waşingtonda Adatdan Daşary Ýagdaý Yglan Etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, ýurduň täze prezidentligine saýlanan Jo Baýdeniň 20-njy ýanwarda geçiriljek kasam ediş dabarasy üçin Waşington DJ-de adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Ak Tamdan berlen beýannamada, Trampyň, Baýdeniň 20-njy ýanwarda geçiriljek kasam ediş dabarasy üçin taýarlyk görülmegi maksady bilen “adatdan daşary ýagdaý” yglan edendigi nygtaldy.

Trampy goldaýan on müňlerçe adam 6-njy ýanwarda Waşingtondaky Milli seýilgähde bir ýere jemlenşipdi we Amerikanyň kongresine çenli ýöräpdi.

Polis barrykadalaryny geçen protestçylaryň bir bölegi Kongresiň jaýyna giripdi. Başdan geçirlen wakalarda 1-i polis 5 adam ýogalypdy.

Wakalardan soň Wekiller palatasynyň başlygy demokrat Nansy Pelosy, ABŞ-nyň Wise-prezidenti Maý Pense wakalara meçew berendigi sebäpli Donald Trampyň Konstitutsiýanyň 25-nji maddasynyň çäginde wezipesinden boşadylmagy üçin çagyryş beripdi.

Demokratlar şu gün Trampyň wezipeden çetleşdirilmegi etabynyň başladylmagy üçin karar taslamasyny hödürläpdi.

 

 



Degişli Habarlar