Indoneziýadaky Merapi wulkanynda iki partlama boldy

Indoneziýanyň Ýawa adasynda ýerleşýän Merapi wulkanynda 2 aýry partlama boldy

1559176
Indoneziýadaky Merapi wulkanynda iki partlama boldy

Ýogýakarta Geologiki apat tehnologiýasy we ylmy-derňew merkezi tarapyndan berilen beýanatda, Ýogýakarta şäherindäki Merapi wulkanynda ýerli wagt bilen sagat 08:02-de we 12:50-de 2 aýry partlama bolandygy habar berildi. 

Beýanatda, partlama bilen çykan külüň we dumanyň wulkanyň kraterinden 200 metr beýikligine çenli ýetendigi mälim edildi. 

Mundan başgada howplulygy "Mämişi" derejä çenli ýokarladylan wulkanyň 5 km töweregine çenli golaýlaşmaly däldigi barada duýduryş berildi. 

Ýerli resmiler, partlamadan soň Megalang sebitinde howp astynda bolan 500 adamyň howpsuz ýere göçürilendigi aýan edildi. 


Etiketkalar: #partlama , #wulkan , #Indoneziýa

Degişli Habarlar