Müsür, Arap Ýurtlarynyň Arasyndaky Gatnaşyklaryň Ösdürilmegine Uly Ähmiýet Berýär

“Müsür Arap ýurtlary bilen Kataryň arasynda gazanylan ylalaşyga uly ähmiýet berýär"

1558146
Müsür, Arap Ýurtlarynyň Arasyndaky Gatnaşyklaryň Ösdürilmegine Uly Ähmiýet Berýär

 

Müsür, Pars Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynda baglaşylan hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol goýandygyny habar berdi.

Müsüriň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Arap ýurtlaryň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy.

Beýannamada “Müsür Arap ýurtlary bilen Kataryň arasynda gazanylan ylalaşyga uly ähmiýet berýär we doganlyk ýurt Kuweýdiň birnäçe ýylyň dowamynda eden tagallasyny takdyr edýär” diýildi.

Beýannamada, Arap ýurtlarynyň birek-biregiň içerki işlerine goşulyşmazlyk ýörelgesiniň ýatladylmagy bolsa ünsleri özüne çekdi.

 

 

 



Degişli Habarlar