Koronawirus Howply Bolmagynda Galýar

Adam pidasy 1,850,710 adamdan geçdi

1556844
Koronawirus Howply Bolmagynda Galýar

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 850 müň 710, wirusa ýoluganlaryň sany 85 million 509 müň, sagalanlaryň sany 60 million 476 müň adamdan geçdi.

Hindistanda epidemiýa sebäpli 149 müň 686 adam ýogaldy, 10 million 341 müň 291 adam hem hasaba alyndy.  Hindistan ulanylmagyna rugsat berlen Oxford/AstraZenikanyň Kowid-19 sanjymyny öndürýan firmanyň başga ýurtlara sanjym satmagyny wagtlaýyn gadagan etdi.

Kowid-19-yň ilkinji hasaba alynan ýeri bolan we häzirki wagta çenli 4 müň 634 adam pidasy çekilen Hytaýda soňky bir günde ýogalan bolmady. Hasaba alynanlaryň sany bolsa 87 müň 150 adama ýetdi. Ýurtda gyssagly ulanylmagyna rugsat berilen iki Kodiw-19 sanjymynyň howply toparlara edilmäge başlanandygy habar berildi. Paýtagt Pekinde hepdäniň ahyrynda 220 sanjymlaýyş merkezinde 73, 537 adama ilkinji doza sanjymlary edildi. Sanjymlananlarda haýsydyr bir zyýanly täsiriň ýüze çykmandygy habar berildi.

Günorta Koreýada wirus sebäpli aradan çykanlaryň sany 981 adama, hasaba alynanlaryň sany 64,264 adama ýetdi.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Suga Ýoşihide gürlen çärelere garamazdan paýtagt Tokioda we golaýdaky 3 ştatda wirus ýolugýanlaryň sanynyň azalmandygy sebäpli adatdan daşary dolanşyk düzgüniniň giriziljekdigini beýan etdi. Ýurtda epidemiýa sebäpli ölenleriň sany 3,634, hasaba alynanlaryň sany 245,924 adama ýetdi.

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda wirus sebäpli 8 adam ýogaldy, hasaba alynanlaryň sany bolsa 1,640 adama ýetdi.

Kipriň grek böleginde bolsa wirus sebäpli 131 adam aradan çykdy, 23,974 adama hasaba alyndy. Britaniýadan baran 12 adamda mutasiýa sezewar bolan wirusyn bardygy anyklandy.

Kuweýt korobawirusyň has çalt ýokaşýan görnüşini hasaba alan Britaniýa bilen özara uçar gatnawyny bes etmek hakynda karar kabul etdi. Karar 6-njy  ýanwarda güýje girer.

Saud Arabystany Kowid-19-a garşy görülen çärelere laýyklykda 20-nji dekabrda ýapylan howa, deňiz we guryýer gümrük geçelgelerini düýn açdy.

Beýleki käbir ýurtlarda Kowid-19 sebäpli çekilen adam pidalary şeýle: Russiýa: 58,506, Eýran: 55,540, Günorta Afrika: 29,577, İndoneziýa: 22,734, Yrak: 12,834 we Pakistan: 10,350.


Etiketkalar: #howp , #dünýä , #koronawirus

Degişli Habarlar