Koronawirus Eýranda 1 Million 231 Müň 429 Adamyň Hasaba Alynmagyna Sebäp Boldy

Russiýada wirusa ýoluganlaryň sany 27 müň 39 adam artyp 3 million 186 müň adama ýetdi

1555805
Koronawirus Eýranda 1 Million 231 Müň 429 Adamyň  Hasaba Alynmagyna Sebäp Boldy

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 828 müň 52, wirusa ýoluganlaryň sany 83 million 921 müň, sagalanlaryň sany 59 million 442 müň adamdan geçdi.

Hindistanda Kovid-19 sebäpli 149 müň 18 adam ýogaldy. Hasaba alynan kesellileriň sany 10 million 286 müň adamdan geçdi.

Russiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 536 adam artyp 57 müň 555, wirusa ýoluganlaryň sany 27 müň 39 adam artyp 3 million 186 müň adama ýetdi.

Koronawirus Eýranda 55 müň 337 adamyň ýogalmagyna, 1 million 231 müň 429 adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy.

Ysraýylda epidemiýa sebäpli 3 müň 338 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany 429 müň 749 adama ýetdi.

Täze görnüş koronawirusyň ilkinji hasaba alynan ýeri bolan Hytaýda epidemiýa sebäpli 4 müň 634 adam ýogaldy, 87 müň 52 adam hem hasaba alyndy. Hassalyklara gözegçilik we öňüni alyş merkezi, Şanhaý şäherinde koronawirusyň has çalt ýokaşýan görnüşine Britaniýadan gelen 1 adamda gabat gelinendigini habar berdi.

Kovid-19 sebäpli

Indoneziýada 22 müň 329

Yrakda 12 müň 813

Pakistanda 10 müň 176 adam ýogaldy.



Degişli Habarlar