Eýran Tebigy Gaz Girdejileri Bilen Sanjym Alar

Bu barasynda Eýranyň Energetika ministri Erdekaniýanyň Yraga guran saparynyň dowamynda ylalaşyk gazanyldy

1554562
Eýran Tebigy Gaz Girdejileri Bilen Sanjym Alar

Eýranyň Energetika ministri Ryza Erdekaniýan Yraga eksport edilen tebigy gazdan gazanylan, emma ABŞ-nyň bank ulgamyna goýan sanksiýalary sebäpli ýurduň hasabyna geçirilmedik serişde bilen Ýewropadan koronawirus sanjymyny aljakdyklaryny aýtdy.

Eýranyň resmi habarlar gullugy “IRNA” beýannama beren Erdekaniýan ABŞ-nyň bir taraply bankçylyk sanksiýalary sebäpli ýurduň hasabyna geçirilmedik, Yrakda saklanan maliýe serişdeleriniň peýdalanylmagy hakynda möhüm kararlaryň kabul edilendigini aýtdy.

Ýewropa firmalaryndan birinde Kowid-19 sanjymyny satyn almak üçin Yrakdak serişdeleriň peýdalanylmagy boýunça yrakly resmiler bilen ylalaşyk gazanylandygyny beýan eden Erdekaniýan, şol serişdeleriň gysga möhlet elýeterli bolmagyna garaşýandyklaryny beýan etdi.

Eýranyň Energetika ministri Erdekaniýan Yragyň tölemek 6 milliard dollara barabar karzy sebäpli resmi Tähranyň tebigy gaz çäklendirmesinden soň düýn Yraga sapar gurapdy.

Erdekaniýan saparynyň çäginde Yragyň Premýer-ministri Mustafa Kazymi, Merkeziň bankyň başlygy Mustafa Galib we ýurduň Elektrik energiýa hem-de Söwda ministrleri bilen duşuşypdy.

Eýran ABŞ-nyň bir taraply bankyçylyk sanksiýalary sebäpli birnäçe ýurtdaky milliardlarça dollarlyk serişdesini peýdalanyp bilmeýär.



Degişli Habarlar