Dünýä derejesinde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 796 müň 560 adamdan geçdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 58 million 344 müň adama ýetdi

1554425
Dünýä derejesinde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 796 müň 560 adamdan geçdi

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 796 müň 560 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 82 million 328 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 58 million 344 müň adama ýetdi. 

Hindistanda Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 148 müň 475 adama ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 10 million 245 müň 326 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 4 müň 634 adamyň ýogalan Hytaýda, wirusa ýoluganlaryň sany 87 müň 3 adama ýetdi. Hytaýyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezi tarapyndan geçirilen derňewe görä, Kowid-19-yň geçen ýyl Uhan şäherinde ilkinji gezek ýüze çykan mahaly ýarym million adama ýokan bolup biljekdigi öňe sürüldi. Uhan şäherinde 23-nji ýanwardan başlap ähli uçar saparlary, otly we awtobus gatnawlary bes edilipdi, ýollar ýapylypdy, şäheriň bütin dünýä bilen arabaglanşygy kesilipdi. 76 gün dowam eden karantinde şäheriň ýaşaýjylaryna dükanlarda söwda etmeklerine hem rugsat berilmändi. Beýleki tarapdan bolsa dünýä meşhur hytaýly pianist Fu Song, koronawirus epidemiýasy sebäpli 86 ýaşynda ýogaldy. 

Alžirde Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 müň 745 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 98 müň 988 adama ýetdi. Prezident Abdulemjid Tebbun, koronawirusa garşy 2 aý bejergi alan Germaniýa döwletinden ýurdyna gaýdyp geldi. 


Etiketkalar: #Hytaý , #Alžir , #Hindistan

Degişli Habarlar