Pakistanda bomba ýüklenen motosikl bilen hüjüm guraldy

Hadysada 2 adam ýogaldy

1552719
Pakistanda bomba ýüklenen motosikl bilen hüjüm guraldy

Pakistanyň Belujystan welaýatynyň Panjgur sebitindäki futbol stadionlarynyň biriniň golaýynda bomba ýüklenen motosikl bilen guralan hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 2 adam ýogaldy, 8 adam ýaralandy. 

Partlama iki mekdebiň futbol duşuşygy üçin stadiona gelen adamlaryň ol ýerden çykýan mahaly boldy. 

Polisiýa edarasyndan berilen beýanatda, hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan tarapyň ýokdygy, hadysa bilen bagly derňew işiniň başladylandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar