Britaniýada Hasaba Alynan Kesellileriň Sany 2 Million 188 Müň 587Adamdan Geçdi

Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 79 million 743 müň, sagalanlaryň sany 56 million 131 müň adamdan geçdi.

1551595
Britaniýada Hasaba Alynan Kesellileriň Sany 2 Million 188 Müň 587Adamdan Geçdi

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 749 müň, wirusa ýoluganlaryň sany 79 million 743 müň, sagalanlaryň sany 56 million 131 müň adamdan geçdi.

ABŞ-da Kovid-19 sebäpli 337 müň 66 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany 19 million 111 müň 326 adama ýetdi.

Britaniýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 69 müň 625, hasaba alynan kesellileriň sany 2 million 188 müň 587 adamdan geçdi.

Italiýada wirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 505 adam artyp 70 müň 900, hasaba alynanlaryň sany 18 müň 40 adam artyp 2 million 9 müň 317 adama ýetdi.

Germaniýada koronawirus sebäpli 29 müň 629 adam ýogaldy, 1 million 612 müň adam hem hasaba alyndy. 20-njy dekabrda Britaniýadan gelen 1 zenanda koronawirusyň has çalt ýokaşýan görnüşine gabat gelinendigi habar berildi.



Degişli Habarlar