Tramp 740 Milliard Dollarlyk Goranyş Bujetini Weto Etdi

“Gynansakda bu taslama milli howpsyzlyk meselelerini öz içine almaýar we meniň alyp barýan milli howpsyzlyk we daşarky syýasatlaryma bap gelmeýär"

1551056
Tramp 740 Milliard Dollarlyk Goranyş Bujetini Weto Etdi

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 740 milliard dollarlyk goranyş bujetini öz içine alýan Milli Goranyş Ygtyýarlandyryş kanun (NDAA) taslamasyny weto etdi.

Tramp, Kongrese ýazan hatynda, Senatda we Wekiller palatasynda kabul edilenden soň özüne hödürlenen NDAA taslamasyny weto edendigini aýtdy.

Tramp “Gynansakda bu taslama milli howpsyzlyk meselelerini öz içine almaýar we meniň alyp barýan milli howpsyzlyk we daşarky syýasatlaryma bap gelmeýär. Bu kanun taslamasy Hytaý we Russiýa üçin sowgat” diýdi.

Wekiller palatasynda we senagatda sesleriň köplügi bilen kabul edilen taslama, ýaňadandan Kongresde sese goýlar we sese goýulşykda kabul edilen halatynda Trampyň wetosy öz güýjüni ýitirer.

 


Etiketkalar: #bujet , #ABŞ , #Donald Trump , #weto

Degişli Habarlar