Russiýa Kolumbiýa protest bildirdi

Russiýa Kolumbiýanyň Moskwa şäherinde işleýän 2 diplomaty islenmeýän adam hökmünde yglan etdi

1550713
Russiýa Kolumbiýa protest bildirdi

Kolumbiýanyň Moskwa şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Alfonso Pedro Lasaro, Russiýanyň Daşary işler ministrligine çagyryldy. 

Russiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä, Russiýanyň Bogoto şäherindäki ilçihanasynda 2 diplomatyň ýurda ugradylmagy protest edildi. 

Beýanatda: "Bu ädim Russiýa bilen Kolumbiýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklara we ikitaraplaýyn hormat gatnaşyklaryna bap gelmeýär. Ikitaraplaýyn ýörelgesinden ýola çykyp rus tarapy hem Moskwadaky kolumbiýaly 2 diplomaty islenmeýän adam yglan etdi" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar