Owganystanyň Farýab welaýatynda bombaly hüjüm guraldy

Taliban tarapyndan hadysa bilen bagly beýanat berilmedi

1550049
Owganystanyň Farýab welaýatynda bombaly hüjüm guraldy

Owganystanyň demirgazygyndaky Farýab welaýatynyň Döwlet Abad etrabynda Talibana agza terrorçylaryň bomba ýüklenen ulag bilen guran hüjüminde 3 howpsuzlyk gullukçysy ýogaldy. 

Farýab welaýatynyň Içeri işler edarasynyň metbugat geňeşçisi Abdulkerim Ýuriş, Talibana agza terrorçylaryň welaýatyň Döwlet Abad etrabynyň merkezinde ulaga ýerleşdirilen bombany partlandyklaryny habar berdi. 

Partlamada 3 howpsuzlyk gullukçysynyň ýogalandygyny, 5-si asuda ilatdan bolan jemi 10 adamyň ýaralanandygyny aýdan Ýuriş, hüjüm sebäpli golaýdaky öýlere we iş ýerlerine zeper ýetendigini beýan etdi. 

Taliban tarapyndan hadysa bilen bagly beýanat berilmedi. 



Degişli Habarlar