Kovid-19 Howply Bolmagynda Galýar

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 710 müň 269 adamdan geçdi

1549811
Kovid-19 Howply Bolmagynda Galýar

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 710 müň 269, wirusa ýoluganlaryň sany 77 million 772 müň, sagalanlaryň sany 54 million 652 müň adamdan geçdi.

ABŞ-da Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 326 müň 772, wirusa ýoluganlaryň sany 18 million 473 müň adama ýetdi. Amerikan senady epidemiýanyň ykdysadyýete ýetirýän ýaramaz täsiriniň ortadan aýrylmagy üçin 900 milliard dollarlyk kömek bukjasy bilen 1,4 trilion dollarlyk bujeti tassyklady. Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Prezidentligine saýlanan Jo Baýden, kameralaryň öňünde Pfizer-BioNTceh tarapyndan öndürlen Kovid-19 sanjymyny etdirdi.

Epidemiýa sebäpli Braziliýada 187 müň 322 adam ýogaldy, 7 million 264 müň adam hem hasaba alyndy. Ýurtda KoronaWak sanjymynyň synaglary tamamlandy.

Italiýada koronawirus sebäpli 69 müň 215 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany 1 million 964 müň adamdan geçdi.

Britaniýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 67 müň 616, hasaba alynan kesellileriň sany 2 million 73 müň adama ýetdi.

Fransiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 354 adam artyp 60 müň 900, wirusa ýoluganlaryň sany 5 müň 797 adam artyp 2 million 479 müň 151 adama ýetdi.

Kanadada wirus sebäpli 14 müň 331 adam ýogaldy, 515 müň 314 adam hem hasaba alyndy.

Kovid-19 Awstraliýada 908 adamyň ýogalmagyna, 28 müň 219 adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy.

Epidemiýa sebäpli Moldowada 2 müň 777 adam ýogaldy, 135 müň 910 adam hem hasaba alyndy.

Koronawirus sebapli

Meksikada 118 müň 598

Ispaniýada 49 müň 260

Argentinada 41 müň 997

Kolumbiýada 40 müň 680

Peruda 37 müň 173

Germaniýada 27 müň 297

Polşada 25 müň 474

Belgiýada 18 müň 697

Ukrainada 16 müň 665

Çilide 16 müň 197

Ruminiýada 14 müň 481

Ekwadorda 13 müň 949

Gollandiýada 10 müň 519

Çeh Respublikasynda 10 müň 411 adam ýogaldy.



Degişli Habarlar