Dünýäde koronawirusa ýoluganlaryň sany 77 million 178 müň adama ýetdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 54 million 94 müň adamdan geçdi

1548956
Dünýäde koronawirusa ýoluganlaryň sany 77 million 178 müň adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 699 müň 724 adama ýetdi. Wirusa ýoluganlaryň sany 77 million 178 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 54 million 94 müň adamdan geçdi.

Hindistanda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 145 müň 810 adama ýetdi, wirusa ýoluganlaryň sany 10 million 55 müň 560 adama ýetdi.

Kowid-19 epidemiýasynyň ýüze çykan ýeri bolan we 4 müň 634 adamyň ýogalan Hytaýda, soňky 24 sagatda adam ýitgisi çekilmedi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 23 adamlyk artyş bilen 86 müň 852 adama ýetdi.

Günorta Koreýada wirus sebäpli ýogalanlaryň sany 698 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 50 müň 591 adama ýetdi.

Saud Arabystany, käbir ýurtlarda Kowid-19 epidemiýasynyň has çalt ýaýraýan görnüşiniň ýüze çykmagy sebäpli, 1 hepdeligine ähli halkara uçar saparlaryny wagtlaýyn goý bolsun edendigini mälim etdi.

Katar öňümizdäki ýyl durmuşa geçirmegi meýilleşdiren Kowid-19 sanjymynyň şu aý başladyljakdygyny habar berdi.

Afrika materiginde epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň say 59 müň 195 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 million 523 müň 478 adama ýetdi. Koronawirus sebäpli ýogalan adamlaryň sany Günorta Afrikada 24 müň 691 adama, Müsürde 7 müň 98 adama, Marokkoda 6 müň 957 adama ýetdi. Seýşel adalarynda we Eritreýada adam ýitgisi hasaba alynmady. Kowid-19-a ýoluganlaryň sany Günorta Afrikada 921 müň 922 adama, Marokkoda 417 müň 125 adama, Müsürde bolsa 125 müň 555 adama ýetdi.

Gananyň döwlet baştutany Nana Akuffo-Addo, ýurtda wirusa ýolugýanlaryň sanynyň artmagy sebäpli öňüni alyş çäreler bilen bagly çäklendirmeleriň ýaňadandan ýola goýulandygyny habar berdi. 


Etiketkalar: #Afrika , #Hytaý , #Hindistan

Degişli Habarlar