Wýetnamyň suw giňişliginde ýük gämisi batdy

Wýetnamyň suw giňişliginde ýük gämisiniň batmagy netijesinde 15 adam dereksiz ýitdi

1547609
Wýetnamyň suw giňişliginde ýük gämisi batdy

Wýetnamyň günbataryndan berilen habarlara görä, Malaýziýadan Gonkonga 7 müň 800 tonna ýük daşaýan Panamanyň baýdagyny göterýän gämi, Wýetnamyň merkezi welaýatlaryndan bolan Binh Thuana golaýlan mahaly batdy.

Wakadan soň gäminiň içinde bolan 11 hytaýly, 4 wýetnamly ekipažyň dereksiz ýitendigi we gözleg-halas ediş işleriniň başladylandygy habar berildi.

Gäminiň ýaramaz howa şertleri sebäpli batan bolup biljekdigini aýdan Wýetnamly resmiler, gäminiň ekipažynyň hadysadan gysga wagt ozal Wýetnamyň Kenarýaka Howpsuzlyk gullugy bilen aragatnaşyga geçip, kömek sorandygyny aýan etdiler. 


Etiketkalar: #batmak , #gämi , #Wýetnam

Degişli Habarlar