Merkel Kovid-19 Sanjymyny Oýlap Tapan Şahin Bilen Türejini Gutlady

"Germaniýa şeýle alymlarynyň bardygy üçin buýsanýar"

1547523
Merkel Kovid-19 Sanjymyny Oýlap Tapan Şahin Bilen Türejini Gutlady

 

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, täze görnüş koronawirusa garşy sanjym oýlap tapan lukman Özlem Türeji bilen Prof. Ugur Şahini gutlady.

BioNTekiň ýolbaşçylary Türeji we Şahin bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçiren Angela Merkel, Germaniýanyň şeýle alymlarynyň bardygy üçin buýsanýandygyny nygtady we alymlaryň türk asyllydygyna ünsi çekdi.

Şahin bilen Türeji hem Federal hökümete ylmy işlerine goldaw berendikleri sebäpli sagbolsun aýtdy.



Degişli Habarlar