Kowid-19 epidemiýasy dünýä ýurtlaryna howp ýetirmäge dowam edýär

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 50 million 876 müň adama ýetdi

1545035
Kowid-19 epidemiýasy dünýä ýurtlaryna howp ýetirmäge dowam edýär

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 619 müň adama, wirus ýokanlaryň sany 72 million 659 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 50 million 876 müň adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 143 müň 393 adama, hasaba alynanlaryň sany bolsa 9 million 884 müň 716 adama ýetdi. 

Epidemiýada 415 adamyň ýogalan, 83 müň 475 adamyň wirusa ýolugan Malaýziýada, ýurdyň hökümeti Kowid-19 sanjymlaryny artdyryp, raýatlaryň 70 göterimine sanjym etmegi meýilleşdirýändiklerini habar berdi. Ýurdyň Goranmak ministri Ismail Sabri Ýakub bolsa Ipoh welaýatynyň Kinta şäherinde köçä çykmak gadagançylygynyň şu günden başlap aýryljakdygyny mälim etdi. 

Koronawirus sebäpli 8 müň 832 adamyň ýogalan, 440 müň 787 adamyň hasaba alynan Pakistanda, Parlamendiň Milli Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň sekretary Dr. Nauşin Hamid, Pakistanyň sanjym satyn almak üçin bölüp aýyran 150 million dollary 250 million dollara ýetirendiklerini beýan etdi.

Kowid-19 epidemiýasy sebäpli beýleki käbir ýurtlardaky adam ýitgileri: Günorta Afrika Respublikasynda 23 müň 276 adam, Indoneziýada 18 müň 819 adam, Yrakda 12 müň 579 adam ýogaldy. 


Etiketkalar: #dünýä , #epidemiýa

Degişli Habarlar