Pars habarlar agentligi Ali Hamaneýiň ölendigi baradaky habarlaryň nädogrydygyny beýan etdi

Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneýiň ölendigi bilen bagly habarlaryň Hamaneýe ýakyn bolan çeşme tarapyndan nädogrydygy beýan edildi

1541066
Pars habarlar agentligi Ali Hamaneýiň ölendigi baradaky habarlaryň nädogrydygyny beýan etdi

Sputnik tarapyndan berilen habara görä, Pars habarlar agentligi, Hamaneýiň ofisinde işleýän Mehdi Fazaeliniň Twitterden ýazan beýanatyny paýlaşyp, Hamaneýiň saglyk ýagdaýynyň gowudygyny, gündelik işlerini alyp barýandygyny mälim etdi. 

Twitteriň üsti bilen berilen habarlarda, Hamaneýiň saglyk ýagdaýynyň agyrlaşandygy, wezipesini ogluna geçirmäge başlandygy öňe sürülipdi, käbir habarlarda bolsa dini lideriň ölendigi öňe sürülipdi. 



Degişli Habarlar