Germaniýanyň Daşary işler ministri Türkiýe bilen bagly beýanat berdi

Germaniýanyň Daşary işler ministri Haýko Maas, Ýewropa Bileleşiginiň Türkiýe bilen dialog dowam etdirmeginiň gerekdigini pikir edýändigini habar berdi

1541291
Germaniýanyň Daşary işler ministri Türkiýe bilen bagly beýanat berdi

Germaniýanyň Daşary işler ministri Haýko Maas, Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde geçirilen ÝB-e agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyndan soň beren beýanatynda: "Ýewropa Bileleşiginiň Türkiýe bilen dialogy dowam etdirmäge mejburdygyny pikir edýäris" diýip nygtady. 

Germaniýa hökmünde Gresiýa we Kipriň Grek bölegi bilen Türkiýäniň arasynda ylalaşyk ýola goýmak üçin tagalla edýändiklerini, emma onuň hötdesinden gelip bilmeýändiklerini aýdan Maas: "Türkiýe meselesi ÝB Liderler maslahatynda ara alynyp maslahatlaşylar. Ol ýerde Türkiýäniň hereketleriniň nähili netijesiniň bolmalydygy barada pikir alyşylar" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar