Fransiýada Protestler Dowam Eder

Fransiýada köpçülikleýin demonstrasiýalaryň başlamagyna sebäp bolan howpsuzlyk kanuny taslamasyna garşy protestleriň dowam edilmegi barada çagyryş berildi

1540593
Fransiýada Protestler Dowam Eder

Metbugat gulluklary, adam hukuklary guramalary we kärdeşler arkalaşyklary tarapyndan ybarat bolan "Umumy Howpsuzlyk kanunyna garşy protestler" atly kollektiw tarapyndan berilen beýanatda, ýurdyň 90 aýry şäherinde kanun taslamasyna garşy geçirilen protestlere hoşallyk bildirildi. 

Protestleriň parahatçylykly geçendigi aýan edilen beýanatda, ýurdyň paýtagty Pariž şäherindäki protestlerde bolsa polisiýa işgärleriniň alyp baran strategiýalarynyň dartgynlyga sebäp döredendigi habar berildi. 

Beýanatda Prezident Emmanuel Makronyň Kollektiwiň wekilleriniň duşuşyk geçirmek baradaky talabyny hem kabul etmändigi mälim edildi. 

Demonstrasiýalaryň adamlaryň nägileliginiň nähili derejede ulydygyny görkezýändigi bellenen beýanatda, kanun taslamasy yzyna çekilýänçä çenli protestleriň geçirilmäge dowam edilmegi barada çagyryş berildi. 

Beýleki tarapdan Içeri işler ministri Džerald Darmanin, Twitter hasabyndan protestlerde 95 adamyň göz tussaglygyna alynandygyny we 67 polisiýa işgäriniň ýaralanandygyny aýan etdi. 

Polisiýa işgärleri protestçilere garşy gözüňi ýaşardýan gaz we basynçly suw ulandy. Demonstrantlar bolsa ençeme ulagy we zir-zibil gutusyny ýakdy, dükanlary we banklary talady.



Degişli Habarlar