Ýaponiýa Russiýa Protest Notasyny Berdi

Ýaponiýa ýurduň demirgazygyndaky Kuril adalaryna raketa goranyş ulgamyny ornaşdyran Russiýa protest notasyny berdi

1538992
Ýaponiýa Russiýa Protest Notasyny Berdi

Ýaponiýanyň Ministrler kabinetiniň Baş sekretary Kato Katsunobu geçiren metbugat ýygnagynda Hakkaidonyň demirgazygyndaky Kuril adalar toplumyndaky Atorofu adasyna S-300W4 raketa goranyş ulgamyny ornaşdyran Russiýa reaksiýa bildirdi.

Kato: “Ornaşdyrylan raketa goranyş ulgamy demirgazykda Russiýanyň harby bazasyna goldaw berýär. Ol adalar boýunça ýurdumyzyň pozisiýasyna bap gelmeýär we kabul edilmesizdir” diýdi.

Diolomatik ýollardan protest notasynyň berilendigini nygtan Kato, Etorofu adasyna raketa goranyş ulgamyny ornaşdyrylmagyna geçirimlilik edilmejekdigini nygtap: “Demirgazyk etraplary bilen birlikde Uzak Gündogarda Russiýanyň harby tagallalary we onuň howplyk taýdan netijeleri bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam ederis” diýdi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi sebitde rus howa giňişliginiň bozulma ähtimallygyna laýyklykda Kuril adalaryna ornaşdyrylan S-300 howa goranyş ulgamlaryna gözegçilik edilýändigini beýan edipdi.

Beýannamada adalara ilkinji gezek ornaşdyrylan howa goranyş ulgamlarynyň S-300 modeliniň soňky görnüşi bolan S-300W4 ulgamydygy mälim edilipdi.



Degişli Habarlar