Eýranly Serkerde Müslim Şehdan Howa Hüjüminde Ýogaldy

Howa hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady

1537479
Eýranly Serkerde Müslim Şehdan Howa Hüjüminde Ýogaldy

Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunyň serkerdelerinden Müslim Şehdan, Siriýanyň Yrak serhedinde ýerleşýän Deýrizor welaýatynda guralan howa hüjüminde ýogaldy.

Şehdan bilen janpenalary düýn irden Yrakdan Siriýa geçenden gysga wagt soň, Deýrizor welaýatynyň gündogarynda ýerleşýän Elbukemal etrabyndaky Suweýiýýe obasynyň golaýynda howa hüjümine sezewar boldy. Hüjümde Şehdan bilen 3 janpenasy ýogaldy.

Howa hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.

Hüjümiň Eýranly alym Muhsin Fahrizadeniň öldürilmeginden 3 gün soň guralmagy ünsleri özüne çekdi.

Ýefrat derýasynyň gündogarynda ýerleşýän Deýrizor welaýaty bolsa ABŞ tarapyndan goldanýan ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň basyp alyşlygy astynda.

 



Degişli Habarlar