Russiýada Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 2 million 114 müň 502 adama ýetdi

Koronawirus epidemiýasy dünýä ýurtlaryna howp ýetirmäge dowam edýär

1532751
Russiýada Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 2 million 114 müň 502 adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 395 müň 296 adamdan geçdi. Dünýäde wirus ýokanlaryň sany 59 million 76 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 40 million 833 müň adamdan geçdi. 

Russiýada koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 361 adamlyk artyş bilen 36 müň 540 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 25 müň 100 adam artyp, 2 million 114 müň 502 adama ýetdi. 

Hindistanda Kovid-19 sebäpli adam ýitgisi 133 müň 773-e, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 9 million 140 müň 312 adama ýetdi. 

Koronawirus sebäpli şu günki güne çenli 11 müň 75 adamyň ýogalan, 635 müň 689 adamyň wirusa ýolugan Ukrainada, ýurdyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý Facebook hasabyndan beren beýanatynda, testiniň otrisatel çykandygyny we kadaly ýagdaýda işlemäge başlandygyny mälim etdi. Zelenskiý 9-njy noýabrda koronawirus testiniň položitel çykandygyny mälim edipdi. 

Gazada wirus sebäpli ýogalanlaryň sany 65 adama, hasaba alynanlaryň sany bolsa 14 müň 768 adama ýetdi. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy Kovid-19-a ýolugýan adamlaryň artmagy sebäpli Gazada saglygy goraýyş ulgamynyň çöküp biljekdigi barada duýduryş berdi.

Ýaponiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sanynyň jemi 2 müň adamdan we wirusa ýolugýanlaryň sanynyň gündelik 2 müň adamdan geçmeginden soň, içerki syýahatçylygyň janladyrylmagy maksady bilen döredilen "Syýahada çyk" we "Nahara çyk" programmalary bes edildi. 

Afrika materiginde epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 49 müň 802 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 million 82 müň 702 adama ýetdi. 

Materikde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany Günorta Afrika Respublikasynda 20 müň 903 adama, Müsürde 6 müň 548 adama, Marokkoda 5 müň 316 adama ýetdi. 

Seýşel adalarynda we Eritreýada koronawirus sebäpli adam ýitgisi çekilmedi. 

Kovid-19-a ýoluganlaryň sany Günorta Afrikada 767 müň 679 adama, Marokkoda 324 müň 941 adama we Müsürde 113 müň 27 adama ýetdi. 


Etiketkalar: #Ukraina , #Hindistan , #Russiýa

Degişli Habarlar