Hindistanda Kovid-19 ýokanlaryň sany 9 million 140 müň 312 adama ýetdi

Koronawirus dünýä ýurtlaryna howp ýetirmäge dowam edýär

1532454
Hindistanda Kovid-19 ýokanlaryň sany 9 million 140 müň 312 adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 393 müň 800 adamdan geçdi. Dünýäde wirus ýokanlaryň sany 58 million 997 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 40 million 771 müň adamdan geçdi. 

Hindistanda Kovid-19 sebäpli adam ýitgisi 133 müň 773-e, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 9 million 140 müň 312 adama ýetdi. 

Gazada wirus sebäpli ýogalanlaryň sany 65 adama, hasaba alynanlaryň sany bolsa 14 müň 768 adama ýetdi. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy Kovid-19-a ýolugýan adamlaryň artmagy sebäpli Gazada saglygy goraýyş ulgamynyň çöküp biljekdigi barada duýduryş berdi.

Ýaponiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sanynyň jemi 2 müň adamdan we wirusa ýolugýanlaryň sanynyň gündelik 2 müň adamdan geçmeginden soň, içerki syýahatçylygyň janladyrylmagy maksady bilen döredilen "Syýahada çyk" we "Nahara çyk" programmalary bes edildi. 

Afrika materiginde epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 49 müň 802 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 million 82 müň 702 adama ýetdi. 

Materikde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany Günorta Afrika Respublikasynda 20 müň 903 adama, Müsürde 6 müň 548 adama, Marokkoda 5 müň 316 adama ýetdi. 

Seýşel adalarynda we Eritreýada koronawirus sebäpli adam ýitgisi çekilmedi. 

Kovid-19-a ýoluganlaryň sany Günorta Afrikada 767 müň 679 adama, Marokkoda 324 müň 941 adama we Müsürde 113 müň 27 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar