Russiýada Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 2 million adamdan geçdi

Russiýada Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 34 müň 850 adama ýetdi

1530743
Russiýada Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 2 million adamdan geçdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 357 müň 650 adama ýetdi. Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 56 million 712 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 39 million 495 adamdan geçdi.

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 131 müň 639 adama, hasaba alynanlaryň sany bolsa 8 million 960 müň 98 adama ýetdi. 

Russiýada Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 34 müň 850 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 million 15 müň 608 adama ýetdi. Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, ýurdyň käbir sebitlerinde Kovid-19 bilen bagly ýagdaýyň agyrdygyny belläp: "Ýurtda wirusa ýolugýan adamlaryň sany artýar. Ýogalýan adamlaryň sanynyň artmagy örän aladalandyrýar" diýip belledi. 

Eýranda soňky 24 sagatda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 476 adam artyp, jemi 43 müň 417 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 13 müň 223 adamlayk, artyş bilen, jemi 815 müň 117 adama ýetdi. 

Afrika materiginde epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 48 müň 509 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 2 million 26 müň 587 adama ýetdi. 

Afrikada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany Günorta Afrika Respublikasynda 20 müň 556 adama, Müsürde 6 müň 495 adama, Marokkoda 5 müň 13 adama ýetdi. 

Seýşel we Eritreýada adam ýitgileri bellige alynmady. 

Afrikada wirusa ýoluganlaryň sany bolsa Günorta Afrika Respublikasynda 757 müň 144 adama, Marokkoda 306 müň 995 adama we Müsürde 111 müň 613 adama ýetdi. 

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy Afrika materiginde ilatyň azyndan 20 göterimine Kovid-19 sanjymynyň edilmeginiň meýilleşdiriliýändigini habar berdi. 

Koronawirus sebäpli 1 müň 946 adamyň ýogalan Ýaponiýada, wirusa ýoluganlaryň sany 2 müň 201 adamlyk artyş bilen 124 müň 256 adama ýetdi. 

Koronawirus sebäpli 1 müň 30 adamyň ýogalan, 81 müň 397 adamyň hasaba alynan Azerbaýjanda, koronawirusa ýolugýan adamlaryň artmagy sebäpli karantinyň möhledi 28-nji dekabra çenli uzadyldy, wirusa garşy görülýän çäreler artdyryldy. Ýurtda 21-nji niýabrdan 28-nji dekabra çenli dermanhanalar we marketlerden daşary ähli dükanlar hepdäň ahyrynda ýapyk bolar. 



Degişli Habarlar